Türkmen kikboksçylary Tailandyň I Dünýä kubogynda 14 medal gazandylar

21.04.2025, 07:578,023
1 / 4

Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndysy Bangkokda geçirilen “Tailandyň 1-nji Dünýä kubogy – 2025” (1st Thailand Kickboxing World Cup 2025) ýaryşynda 14 medal gazandy. Bu barada ýurdumyzyň Kikboksing Federasiýasynda habar berdiler.

2025-nji ýylyň 7-12-nji apreli aralygynda WAKO halkara kikboksing Federasiýasynyň howandarlygynda geçirilen bu ýaryş dünýäniň 40-a golaý döwletinden 800 töweregi türgeni bir ýere jemledi. Kikboksçylar “Full Contact”, “Low Kick”, “K-1”, “Kick Light”, “Light Contact” hem-de “Point Fighting” boýunça güýç synanyşdylar.
Ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Orazmuhammet Kömekowyň ýolbaşçylygynda jemi 13 türgen çykyş etdi.

Netijede, türkmen kikboksçylary ýaryşda 7 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagy başardylar we toparlaýyn görnüşde 8-nji orny eýelediler.
Altyn medallar:

  • Nurmuhammet Joraýew (57 kg agramda, Kick-light)
  • Kirill Woýewodin (57 kg agramda, Low-kick)
  • Hangeldi Atabaýew (51 kg agramda, Low-kick)
  • Akmyrat Akmyradow (67 kg agramda, Low-kick)
  • Guwanç Mahmudow (54 kg agramda, K-1)
  • Guwanç Babaýew (51 kg agramda, K-1)
  • Muhammedaly Orazmuhammedow (37 kg agramda, Creative form)

Kümüş medallar:

  • Orazmuhammet Kömekow (91 kg agramda, K-1)
  • Raşit Geldimämmedow (63,5 kg agramda, K-1)
  • Yhlas Babaýew (60 kg agramda, Low-kick)
  • Muhammedaly Orazmuhammedow (37 kg agramda, Musical form)

Bürünç medallar:

  • Agamyrat Amangeldiýew (60 kg agramda, Full contact)
  • Geldimyrat Hojalyýew (81 kg agramda, Low-kick)
  • Muhammedaly Orazmuhammedow (37 kg agramda, Point fighting)

Federasiýada habar bermeklerine görä, häzirki wagtda kikboksing bilen Türkmenistanda 5000-den gowrak türgen meşgullanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.