Ronaldu «Ýuwentusyň» türgenleşigine gatnaşmady

17.01.2020, 23:493,755

Turiniň «Ýuwentusynyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu toparyň türgenleşigine gelmedi. Bu barada «Ýuwentusyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça, futbolist sinusitiň netijeleri – burnuň bir ýa-da birnäçe goşmaça boşluklarynyň nemli bardalarynyň çişmesi zerarly türgenleşip bilmedi.
Dowam edýän keseliň netijesinde Kriştianu Italiýanyň Kubogynda «Udinezä» garşy oýna hem gatnaşmady.
Şeýle-de, portugaliýalynyň indiki duşuşyga gatnaşjagy hem heniz näbelli. Belläp geçsek, «Ýuwentus» «Parma» bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.