Deýna Uaýt: «Konoryň indiki garşydaşy – Habib»

19.01.2020, 13:1311,946

UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt promouşeniň ýeňil agram derejedäki çempiony Habib Nurmagomedowy UFC-nyň iki diwiziondaky öňki çempiony Konor Makgregoryň indiki garşydaşy diýip atlandyrdy.
«Konor bu gün ynanyp bolmajak derejede ajaýyp göreşdi. Ol Habib bilen rewanşy diýseň isleýär. Bu günki göreşden soň, olaryň taryhda rewanşy iň garaşylýan göreş bolar.
Bu hökmany suratda indiki geçirilmeli göreş» - diýip, Uaýt aýtdy.
Makgregor UFC 246 ýaryşynyň birinji raundynda Donald Serroneni nokauta gidirdi. Konoryň Habib bilen göreşi UFC 229-yň çäginde 2018-nji ýylyň oktýabrynda bolupdy. Nurmagomedow şo göreşde agyrdyjy emel ulanyp, dördünji raundda ýeňmegi başardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.