«Atletika» we «PSŽ» Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdylar

12.03.2020, 17:333,206

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Madridiň «Atletiko» kluby jogap duşuşygynda goşmaça wagtda 3:2 hasap bilen iňlisleriň «Liwerpul» klubyndan üstün çykdy. Netijede Ýaryşyň geçen ýylky çempiony oýundan çykdy. Madridde geçirilen birinji duşuşyk ispan klubynyň 1:0 hasap bilen ýeňmeginde tamamlandy. Jogap duşuşygy bolsa, oýnuň esasy wagtynda hut şol hasap bilen, emma iňlisleriň peýdasyna boldy. Ýöne goşmaça wagtda üstünlik myhmanlaryň tarapynda boldy. Bu ýeňliş Ýurgen Kloppyň Çempionlar ligasynda «Liwerpul» bilen ilkinji ýeňlişi boldy.
Fransuzlaryň «Pari Sen-Žermen» topary öz öýünde 2:0 hasap bilen Dortmundyň «Borussiýasyny» ýeňmegi başardy. Birinji duşuşyk 2:1 hasap bilen «Borussiýanyň» peýdasyna tamamlanypdy. Parižde geçirilen duşuşykda birinji ýarymda Neýmar we Huan Bernat tapawutlandy. Koronawirusyň ýaýrama howpy zerarly duşuşyk tomaşaçysyz geçdi.
Çempionlar ligasynyň indiki tapgyrynyň birinji duşuşyklary 7-nji, 8-nji aprelde geçiriler, jogap duşuşyklary bolsa, 14-15-ine geçer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.