Tomas Tuhel «Çelsiniň» täze baş tälimçisi boldy

27.01.2021, 17:404,960

Tomas Tuhel «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Nemes hünärmeni klub bilen möhletini 1 ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

«Çelsi» 39 ýaşly hünärmeniň öz wezipe borçlaryna tiz wagtda girişip, klubuň eýýäm şu gün Londonda «Wulwerhemptona» garşy geçirjek duşuşygyna ýolbaşçylyk etmegine garaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.