Makgregor bilen Porýeniň arasyndaky üçünji söweş iýul aýynda geçirilip bilner

22.03.2021, 08:5415,435

UFC promouşeniň öňki çempiony Konor Makgregor bilen Dastin Porýeniň arasyndaky söweşi guramaga taýýarlanýar. Söweş 10-njy iýula meýilleşdirilen nobatdaky turniriň esasy wakasy bolup biler. Bu barada ESPN teleýaýlymynyň žurnalisti Ariel Helwani Twitter akkauntynda habar berdi diýip, sport24.ru ýetirýär.

Öň söweşi 15-nji maýda geçirmek islediler, ýene bir sene 12-nji iýun bolupdy. 
Eger-de bu söweş geçirilse, Porýe-Makgregor söweşiniň taryhynda üçünji bolar. 2014-nji ýylda geçirilen birinji söweşde Makgregor ýeňiş gazandy, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen ikinji söweşde Porýe ýeňdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.