Ýagşymyradow Anderson bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdiler

16.04.2021, 18:0238,829

Garyşyk göreşiň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen tutluşygynyň öň ýanynda «bakyşlaryň duelini» geçirdi. Tutluşyk Bellator ýaryşynyň çäginde Ankaswilde (ABŞ, Konnektikut ştaty) 16-njy aprelden 17-sine geçilýän gije geçiriler.

Anderson-Ýagşymyradow tutluşygy göreş agşamynyň ikinji esasy duşuşygy hökmünde yglan edildi.
Ýatlatsak, Döwletjan Ýagşymyradow türkmen türgenleriniň arasynda ilkinji bolup ACB­-niň, soňra bolsa ACA-nyň çempiony adyny gazandy.
Andersona garşy duşuşyk Döwletjan üçin Bellatorda ilkinji çykyşy bolar. Duşuşygyň ýeňijisi ýaryşyň ýarym finalyna çykar.
Watandaşymyza üstünlik arzuw edýäris!

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.