Gurban Berdiýewiň «Kaýrat» kluby Gazagystanyň kubogynyň ýarym finalyna çykdy

29.10.2021, 11:0710,436

Gazagystanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda «Kaýrat» futbol kluby türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda myhmançylykda «Kaýsar» klubundan üstün çykdy. Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy.

«Kaýratyň» düzüminde Wagner Law (76-njy minut) we Artur Şuşenaçew (88) gol geçirdi.
Klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk «Kaýratyň» peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy.
Ýarym final tapgyrynda Berdiýewiň şägirtleri «Astana» bilen duşuşar. Birinji duşuşyk 6-7-nji noýabrda myhmançylykda, jogap oýun 20-nji noýabrda geçiriler.
Gazagystanyň futbol boýunça kubogynyň final duşuşygy noýabr aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär.
Ýatlatsak, Gurban Berdiýew «Kaýrat» klubuna 2021-nji ýylyň awgustynda tälimçi bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.