Nýu-Delide Owganystanyň goňşy döwletleriniň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň gepleşikleri geçiriler

09.11.2021, 23:596,730

10-njy noýabrda Hindistanyň paýtagtynda ýurduň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Şri Ajit Dowalanyň ýolbaşçylygynda Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçileriniň/ howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçiriler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanda ýakynda bolup geçen wakalary, sebit howpsuzlygynyň we ýurduň halkynyň parahatçylyga hem-de durnuklylyga ymtylyşyny goldamagyň meselelerini maslahatlaşarlar diýip, Hindistanyň daşary işler ministrligine salgylanyp ORIENT habar berýär. 
Gepleşikleriň barşynda şeýle hem ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň, şol sanda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.