Dohada Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda köpçülikleýin sungat festiwaly geçirer

22.11.2021, 23:333,795

Indiki ýylyň dowamynda Doha şäherinde 2022-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Dünýä çempionatyna bagyşlanan köpçülikleýin sungat sergisi üçin katarly we daşary ýurtly suratkeşleriň kyrk heýkeli peýda bolar. Bu barada rossaprimavera.ru habar berýär.

Bu "Açyk asmanyň astyndaky muzeý" programmasyna "Kataryň Muzeýleri" döwlet edarasynyň müdiri Şeýh Al Maýassa bint Hamad bin Halifa Al Tani gözegçilik edýär.

"Häzirden başlap, Dünýä çempionatynyň açylyşyna çenli "Kataryň muzeýleri" döwlet edarasy bütin Doha boýunça 40-dan gowrak täze we sargyt edilen köpçülikleýin sungat eserini ýerleşdirer" diýlip, habarda aýdylýar.

Habar berilmegine görä, sungat eserleri şäheriň iň görnükli künjeklerinde ýerleşdiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.