GDA sebitleriniň ilkinji forumy 2022-nji ýylda Özbegistanda geçiriler

17.12.2021, 17:563,847

GDA ýurtlarynyň wekilleri sebitara we serhet hyzmatdaşlygy boýunça geňeşiň geçen mejlisinde 2022-nji ýylda Özbegistanda Arkalaşygyň döwletleriniň sebitleriniň ilkinji forumyny geçirmek kararyna geldiler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär. Muny TASS ýetirýär.

“Gatnaşanlar GDA ýurtlarynda sebitara we serhet hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny, 2030-njy ýyla çenli Arkalaşygyň konsepsiýasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de guramanyň täze konsepsiýasynyň taslamasyna garadylar. Mejlisde GDA sebitleriniň ilkinji forumyny geçirmek konsepsiýasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy we ony 2022-nji ýylda Özbegistanda geçirmek kararyna gelindi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ýerine ýetiriji komitetiň saýtynda bellenilişi ýaly, mejlis wideo konferensiýa görnüşinde geçirildi. Meýilleşdirilen forumyň konsepsiýasynyň nähili boljakdygy barada maglumat berilmeýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.