Dawosda geçirilmeli Bütindünýä ykdysady forumy 22 – 26-njy maýa süýşürildi

23.01.2022, 08:573,463

17 – 21-nji ýanwarda Dawosda geçirilmegi meýilleşdirilen Bütindünýä ykdysady forumynyň (BYF) ýüzbe-ýüz görnüşli ýygnagy 22 – 26-njy maýa süýşürildi. Bu barada guramanyň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“BYF 2022-nji ýylda ýyllyk ýygnagyny ýekşenbe güni 22-nji maýdan penşenbe güni 26-njy maý aralygynda Şweýsariýanyň “Dawos-Klosters” syýahatçylyk merkezinde geçirjekdigini habar bermäge şat” – diýlip, tekstde bellenilýär.

Metbugat gullugy duşuşygyň temasynyň, hususan-da, koronawirus pandemiýasyndan soň dikeldiş, howanyň üýtgemegine garşy göreş we dördünji senagat rewolýusiýasynyň tehnologiýalaryny ulanmak boljakdygyny habar berdi. 
BYF – Şweýsariýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasy. Ol her ýyl abraýly biznes ýolbaşçylarynyň, syýasy liderleriň we dürli iş ugurlary boýunça görnükli hünärmenleriň gatnaşmagynda duşuşyk geçirýär. BYF-iň agzalary müňe golaý uly kompaniýalar we guramalardyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.