Penşenbe güni Aşgabatda güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar

16.03.2022, 18:4625,898

17-nji martda Aşgabatda güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Günüň dowamynda 40 mm-den geçýän ygal düşüp biler diýip howa gidrometeorologlar çaklaýar.

Ygalyň aglaba mukdary çarşenbeden penşenbä geçilýän gije düşer. Günüň ortasyna çenli ýagşyň depgini peselip, agşam sagat 8-e çenli dynar.
Gündizki maksimal temperatura +8 gradusa düşer. Şemalyň tizligi pes bolup, sekuntda 7 metrden geçmez.
Ýurduň beýleki sebitlerinde hem ýagyş ýagar, emma o diýen güýçli bolmaz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.