Hytaýyň Sinovac sanjym öndürijisiniň girdejisi 2021-nji ýylda 14,5 mlrd dollara ýetdi

03.05.2022, 08:255,760

Hytaýda iň uly sanjym öndürijileriň biri bolan Sinovac kompaniýasynyň arassa girdejisi 2021-nji ýylyň jemi boýunça 78 esse ýokarlanyp, takmynan, 14,5 mlrd dollara ýetdi. Bu barada kompaniýanyň maliýe hasabatynda aýdylýar.

“2021-nji ýylyň jemi boýunça arassa girdeji bir ýyl ozalky 185,2 mln dollar bilen deňeşdirilende, 14,5 mlrd dollar boldy. Arassa girdeji, esasan, satuwyň ösüşiniň hasabyna ýokarlandy. 2021-nji ýylda satuw bir ýyl ozalky 510,6 mln dollar bilen deňeşdirilende ýokarlanyp, 19,4 mlrd dollar boldy” – diýlip, resminamada aýdylýar. 

Resminamada bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli Sinovac dünýäniň dürli ýurtlaryna 2,8 milliarddan gowrak dozada CoronaVac sanjymyny iberdi, olaryň 300 mln dozasy Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamynyň dürli edaralaryna geçirildi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.