Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň kuwwatlyklaryny artdyrmak meýilleşdirilýär

14.07.2022, 12:179,896

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody doly taslama kuwwatyna çykarmak hem-de önümleri amatly bahalardan ýerlemek maksady bilen, zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumyny gurmak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetiň 13-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow degişli halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenilen teklibi makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany bu senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça dünýäde ilkinji zawodyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynda gurlan gazdan benzin öndürýän zawodda EСO-93 kysymly benzin, suwuklandyrylan gaz hem-de kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy öndürilýär. Ýanwar — iýun aýlarynda meýilnama 120,8 göterim ýerine ýetirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.