Luka Modriç DÇ-2022-den soň Horwatiýanyň milli ýygyndysyny terk eder

26.10.2022, 10:228,106

Horwatiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany, ýarym goragçy Luka Modriç Katarda geçiriljek DÇ-2022-niň özi üçin milli toparyň düzüminde iň soňky boljakdygyny aýtdy. Bu barada sport-interfax.ru habar berýär.

“Men belli bir ýaşa ýetendigimi we munuň Horwatiýanyň milli ýygyndysy üçin iň soňky ýaryşym boljakdygyny bilýärin” – diýip, “Globo” 37 ýaşly Modriçiň sözlerini getirýär.

Klub derejesinde Madridiň “Realynda” oýnaýan Modriç 2006-njy ýyldan bäri Horwatiýanyň milli ýygyndysy üçin çykyş edýär. Ol ýygyndy üçin 154 oýunda 23 gol geçirdi. 2018-nji ýylda Modriç Russiýada dünýä çempionatynyň kümüş baýrakçysy bolup, ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Şol ýyl ol “Altyn topuň” eýesi boldy.
Katardaky dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.