Täze Honda Accord 2023 tanyşdyryldy

13.11.2022, 12:0012,790
1 / 2

Honda 2023 model ýylynyň doly täzelenen, turboüfleýjili 2 litrlik kuwwatly hereketlendirijisi aýrylan Honda Accord sedany bilen tanyşdyrdy.

Gibrid transmissiýasy ep-esli gowulandyrylan, baza 1,5 litrlik hereketlendirijisi akgynly ýöremegine we ýangyjyň tygşytlylygyna jogap berýär diýip, Honda ynandyrýar.
Gibrid modeline daýanmak üçin model hatary üýtgedilen, çünki Honda benzinli-tokly işleýän Accord-yň söwdasyny 50%-e ýetirmäge çalyşýar. 
LX-iň we EX-iň gibrid däl toplumlary  turboüfleýjili 1,5 litrlik hatarly dört silindrli hereketlendiriji we basgançaksyz awtomat korobka peredaça bilen  täzelenen görnüşde ugradylýar. Kuwwaty we aýlanýan pursady edil öňküleri ýaly - 192 a.g. we 260 Hm. Peredaçanyň mehaniki korobkasy indi bolmaz, sebäbi Honda ony, islegiň pesligi sebäpli,  Accord-yň öňki nesliniň hataryndan aýyrdy. 
2023-nji ýylyň Accordynyň beýleki dört toplumy - Sport, EX-L, Sport-L we Touring - diňe gibrid görnüşde we Accord-yň öňki gibridiniň iki motorly transmissiýasynyň täzelenen wersiýasy bilen ugradylýar.
Täze Honda Accord-yň 11-nji nesli öňküsi ýaly markanyň Ogaýodaky zawodynda goýberiler. Satuwy indiki ýyl başlanar, bahalary bolsa goýberilmeziniň öň ýany yglan ediler

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.