Honda "Pilot" modelinden hem üstün boljak, üç hatar kürsüli täze krossoweri çykarmaga taýýarlanýar. Automotive News neşiriniň berýän habaryna görä, täze modeliň önümçiligine 2032-nji ýylyň birinji çärýeginde başlamak meýilleşdirilýär.
Deslapky maglumatlarda täze awtoulagyň "Pilot XXL" adyny aljakdygy aýdylýar. Onuň uzynlygy, takmynan, 5,29 metre ýeter. Bu häzirki "Pilot" modelinden 203 millimetr uzyn diýmekdir. Şeýlelikde, täze krossower bu ölçeg babatda esasy bäsdeşlerinden hem uly bolar. Deňeşdirip aýtsak, "Toyota Grand Highlander" 5,12 metr, "Hyundai Palisade" we “Kia Telluride” 5,06 metr, "Jeep Grand Cherokee L" 5,20 metr, "Chevrolet Traverse" 5,19 metr, "GMC Acadia" 5,18 metr, "Ford Explorer" bolsa 5,05 metr uzynlyga eýedir.
Häzirlikçe täze model barada maglumat kän däl. Ýöne onuň Acura brendiniň täze flagman modeli bilen köp babatda meňzeş boljakdygyny çaklap bolýar. Häzirlikçe bu awtoulagyň "Acura XL" diýlip atlandyrylmagyna garaşylýar we ol "MDX" modelinden bir basgançak ýokarda ýerleşer. Bu meňzeşlikleri göz öňünde tutup, iki modeliň hem gibrid güýç ulgamyny almagynyň mümkindigini aýtmak bolar.
Şeýle-de bolsa, "Pilot XXL-iň" önümçiligini ýola goýmak baradaky gutarnykly karar heniz kabul edilmedi. "Pilot" ABŞ-da Honda kompaniýasynyň iň köp satylýan modelleriniň biri bolmagynda galýar. Awgust aýyna çenli ABŞ-daky dilerler tarapyndan bu modeliň 83,4 müň sanysy satyldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 göterim azdyr.