Honda, Nissan we Mitsubishi kompaniýalary indiki nesliň programma bilen kesgitlenýän ulaglary üçin elektron dolandyryş bloklaryny (ECU) standartlaşdyrmak baradaky gepleşikleri tamamlaýarlar.
Nikkei Asia neşiriniň maglumatlaryna görä, birmeňzeş komponentleri ulanmaklyk kompaniýalara işläp düzüş çykdajylaryny azaltmaga we 2029-njy ýyla çenli seriýaly awtoulaglara standartlaşdyrylan ulgamlary oturdyp başlamaga mümkinçilik berer.
2025-nji ýylyň fewralynda «Honda» we «Nissan-yň» birleşmekden ýüz öwrenlerinden soň, kompaniýalar tehnologiki hyzmatdaşlygyny saklap galdylar. Gepleşikler umumy ýarymgeçiriji komponentleri ulanmak barada ylalaşyga gelnenden soň has-da çaltlaşdy.
Şol bir wagtyň özünde, her kompaniýa brendleriň aýratynlyklaryny emele getirýän ulgamlary, şol sanda awtonom sürüş tehnologiýalaryny, multimediýa toplumlaryny we nawigasiýany özbaşdak ösdürmegini dowam etdirer.
Programma bilen kesgitlenýän awtoulaglar özleriniň funksiýalarynyň we mümkinçilikleriniň programma üpjünçiligi arkaly kesgitlenýändigi bilen tapawutlanýarlar. Munuň ýaly arhitektura ulgamlaryny «howa arkaly» täzelemäge, täze hyzmatlary goşmaga we enjam komponentlerini çalyşmazdan funksionallygy giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Hyzmatdaşlygyň zerurlygy amerikan we hytaý öndürijileriniň tarapyndan ýüze çykýan bäsdeşligiň güýçlenmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýaponiýanyň Elektron we maglumat tehnologiýalary senagaty assosiasiýasynyň çaklamasyna görä, programma bilen kesgitlenýän awtoulaglaryň dünýä önümçiligindäki paýy 2025-nji ýyldaky 3 göterimden 2035-nji ýyla çenli 67 göterime çenli öser.
Nikkei Asia-nyň bahalandyrmasyna görä, şu wagt Ýaponiýada doly programma bilen kesgitlenýän ýeke-täk awtoulag 2025-nji ýylda görkezilen täze nesil «Toyota RAV4-dir».