Koronawirus ýaýrawy zerarly 2022-nji ýylyň Pekin awtosalony ýatyryldy

13.11.2022, 12:0510,262

Pekinde geçmeli Halkara awtoulag sergisiniň guramaçylary Hytaýyň çäginde koronawirus bilen bagly ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy bilen bagly bu ýyl çäräni ýatyrmagy karar etdiler. Ilkibaşda motor şüweleňi aprel aýynda geçmelidi, ýöne keseliň täzeden möwjemegi sebäpli ony yza süýşüripdiler.

Dünýäniň iň iri awtobazarynda sergiler her ýyl gezekli-gezegine Pekinde we Şanhaýda geçirilip durulýar. Däp boýunça çärä dünýäniň öňdebaryjy we ýerli ulag öndürijileri gatnaşdyrylýar. 
Mart aýynda guramaçylar serginiň geçiriljek möhletini iýuna süýşürerler diýip garaşylýardy, ýöne aprelde direksiýa awtosalony näbelli möhlete geçirmegi karar etdi. Owal Pekindäki awtosalony 2020-nji ýylda COVID-19 ählumumy pandemiýasy sebäpli öňem ýatyrypdylar. 
Noýabr aýynyň  başynda keselçiligiň köpelmegi sebäpli guramaçylar Guançžoudaky awtosalony hem ýatyrmaly bolupdylar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.