FIFA 2025-nji ýyldan başlap klublar arasy dünýä çempionatynyň formatyny üýtgetdi

17.12.2022, 14:0819,111

FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino 2025-nji ýyldan başlap klublar arasy dünýä çempionatynyň formatynyň üýtgejekdigini mälim etdi.  

"Erkekleriň täze klublar arasy dünýä çempionaty  2025-nji ýylda geçer, turnire 32 topar gatnaşar. Biz bu ýaryşy dünýä çempionatyna meňzetjek bolýarys" - diýip, Infantino guramanyň metbugat konferensiýasynda nygtady.

Klublar arasy dünýä çempionatynyň häzirki formaty bary-ýogy alty toparyň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar:  yklymara turnirleriň bäş sany ýeňijisini we çempionata hojaýynlyk edýän ýurda wekilçilik edýän kluby.
Şeýle-de, FIFA "Dünýä seriýasy" ady bilen ýoldaşlyk turniriniň döredilendigini yglan etdi. Onda dürli futbol federasiýalaryndan dört topar çykyş eder. Ondan hem başga, FIFA-nyň prezidenti zenanlaryň klublar arasy dünýä çempionatynyň döredilendigini hem mälim etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.