Messiniň DÇ-2022-däki posty sosial torlaryň taryhynda laýklar boýunça rekord goýdy

23.12.2022, 07:0920,282

Argentinanyň futbol boýunça ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň internetdäki posty sosial torlaryň taryhynda laýklaryň rekord mukdaryny çöpledi.

"Altyn topuň" ýedi gezek eýesi bolan Messi Katarda geçen dünýä çempionatynda gazanan ýeňşinden soň dünýä kubogy bilen düşen suratyny goýdy. Post, bu görkeziji boýunça meşhur towuk ýumurtgasynyň suratyndan öňe geçip,  Instagramda laýklaryň sany boýunça rekord goýdy.
Häzirki wagtda Messiniň şol suraty 70 milliondan gowrak laýyk çöpledi. Argentinaly türgeniň bu görkeziji boýunça posty filippinli  zenan Bella Porçuň 60 milliondan gowrak adam tarapyndan baha berlen wideosyndan öňe geçdi.
Ýekşenbe güni Argentinanyň ýygyndysy taryhda üçünji gezek dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.