Täze ýyl gijesinde Aşgabatda we welaýatlarda awtobus gatnawlarynyň wagty belli boldy

27.12.2022, 01:1450,000

Täze ýyl mynasybetli jemgyýetçilik awtobuslary Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi, şeýle-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça  2022-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 02:00-a çenli hyzmat eder. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berdi.

Şeýle hem, ýeňil taksi awtoulaglary gije-gündiziň dowamynda müşderilere hyzmat eder.
Bellenilişi ýaly, bu çäreler Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýar.

Awtoulag hyzmatlary boýunça soraglar ýüze çykan ýagdaýynda aşakdaky telefon belgiler boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.