L'Équipe: Lionel Messi 2022-nji ýylyň «çempionlarynyň çempiony»

07.01.2023, 07:1221,619

«PSŽ-niň» we Argentinanyň milli toparynyň hüjümçi Lionel Messi abraýly neşir wersiýasy boýunça 2022-nji ýylyň «çempionlarynyň çempiony» diýip ykrar edildi.

L'Équipe toparynyň redaksiýasynyň işgärleriniň habar bermegine görä, «Çempionlaryň çempiony» kubogy ýylyň jemi boýunça iň görnükli türgene berilýär. Reýting 4-nji dekabrda tamamlanan gizlin ses berişligiň netijelerine görä düzüldi.
Ses berişligiň netijelerine görä, Lionel Messi 808 utuk bilen birinji ýeri eýeledi. «PSŽ-niň» we Fransiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe 381 utuk bilen ikinji ýerde durýar. Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal ilkinji üçlügi jemledi (285).
Reýtingde dördünji orny belgiýaly welosipedçi Remko Ewenepul eýeledi. Ilkinji 5-lige niderlandly Maks Werstappen girdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.