2023-nji ýylda global PK üpjünçiligi 6,8%, telefon – 4% pese gaçar

04.02.2023, 23:224,462

2023-nji ýylda personal kompýuterleriň (PK), planşetleriň we ykjam telefonlaryň global üpjünçiligi 4,4% azalyp, 1,7 mln birlige golaý bolar. Şeýle çaklamany Gartner analitik kompaniýasy öňe sürýär diýip, kapital.kz habar berýär. Geçen ýylyň jemi boýunça bu görkeziji 11,9% pese gaçyp, 1,82 mln birlik boldy.

“Depressiw ykdysady bazar 2023-nji ýylyň dowamynda gurluşlara bolan islegi pese düşürmegi dowam eder. Çaklamalara görä, 2023-nji ýylda ahyrky ulanyjylaryň gurluşlara sarp edýän çykdajylary 5,1% azalar” – diýip, Gartner-iň uly analitigi Ranjit Atwal belledi.

Şu ýylyň jemi boýunça global PK üpjünçiligi 2022-nji ýylda 16% pese gaçyşdan soň 6,8% azalar diýlip, habarda aýdylýar. Ykjam telefon üpjünçiligi geçen ýyl 11%, 1,395 mln birlige çenli azalandan soň, 2023-nji ýylda 4%, 1,34 mln birlige çenli azalar. Şol sanda smartfon üpjünçiligi bir ýyl ozalky 1,28 mln birlikden 1,23 mln birlige çenli azalar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.