Nvidia dünýäniň iň iri üç kompaniýasynyň hataryndan çykdy

Şu gün, 02:13981

ABŞ-nyň biržalarynda 20-nji noýabrdaky söwda sessiýasynyň dowamynda Nvidia kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 14% pese gaçdy. Netijede, çip öndüriji kompaniýa dünýäniň bazar bahasy boýunça iň iri üç korporasiýasynyň hataryndan çykdy.

Şu makala çap edilen wagty Alphabet (Google) kompaniýasynyň häzirki bazar bahasy 3,24 trillion dollar, Nvidia kompaniýasynyňky bolsa 3,09 trillion dollar boldy. Şeýlelikde, olar dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň sanawynda degişlilikde üçünji we dördünji orunlary eýeleýär.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Nvidia dünýäde bazar bahasy boýunça iň gymmat kompaniýady. Emma soňra ol birinji orny Apple kompaniýasyna (häzirki bazar bahasy — 4,98 trillion dollar) berdi. Ondan soň bolsa Microsoft hem Nvidia-dan öňe geçdi. Häzirki wagtda Microsoft-yň bazar bahasy 3,59 trillion dollara deň.

Soňky bir aýyň dowamynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 42% arzanlady. Maýadarlar kompaniýanyň paýnamalaryny köpçülikleýin satýarlar. Muňa bolsa Nvidia-nyň uzak wagt bäri ýolbaşçylyk edip gelýän esaslandyryjysy Jensen Huang bilen bagly dawa sebäp boldy. 

Nvidia kompaniýasynyň direktorlar geňeşi 12-nji noýabrda Huangy wezipesinden boşatdy. Onuň özi hernäçe ýene-de kompaniýanyň ýolbaşçylygyna dolanmaga garşy däldigini bildirse-de, ýolbaşçylar düzüminde munuň ýaly mümkinçilige garalmaýandygy belli boldy.