Dünýäniň nusgawy kinofilmleriniň aýdymlary Mukamlar köşgünde ýaňlanar

13.04.2023, 11:379,218
1 / 2

2023-nji ýylyň 23-nji aprelinde Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde dünýä ýurtlarynyň nusgawy hor eserleriniň we kinofilmleriniň aýdymlaryndan düzülen konsert geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde habar berdiler.

Konsertde Begmyrat Annamyradowyň, Myrat Baýramgeldiýewiň, Gülnar Nuryýewanyň, Mähri Pirgulyýewanyň, Ahmet Atajanowyň, Döwran Durdyýewiň, Begenç Çaryýewiň, Mähriban Magtymgulyýewanyň, Isgender Rejepowyň, Dawid Keworkowyň, B.T.S &​ TDT-nyň, «Owaz» orkestriniň çykyşlary meýilleşdirildi. ​​​​​
Konsert 17:00-da başlanýar.
Ýaşlygymyzyň aýdymlaryndan ybarat boljak şowhunly dynç alyş konserti hiç bir adamy biparh goýmaz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 94-10-76; 48-96-8348-96-85

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.