Marca neşiri okyjylaryň pikirine esaslanyp, dünýäniň simwoliki ýygyndysyny düzdi

28.04.2023, 11:5021,993

Ispaniýanyň Marca sport neşiri öz okyjylarynyň pikirine esaslanyp, dünýäniň simwoliki ýygyndy toparyny neşir etdi.

Dünýäniň iň güýçli oýunçylarynyň topary aşakdakylar:

  • Derwezeçi: Tibo Kurtua (“Real”);
  • Goragçylar: Aşraf Hakimi (“PSŽ”), Ronald Arauho (“Barselona”), Eder Militao (“Real”), Alfonso Dewis (“Bawariýa”);
  • Merkezi ýarymgoragçylar: Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”), Luka Modriç (“Real”);
  • Gapdal ýarymgoragçylar: Winisius Žunior (“Real”), Lionel Messi (“PSŽ”);
  • Hüjümçiler: Erling Holand (“Mançester Siti”), Kilian Mbappe (“PSŽ”)

Ses berişlik şu ýörelgä esaslandy: žurnalistler her pozisiýa üçin iň oňat birnäçe oýunçyny saýladylar, soň bolsa oýunçylaryň arasynda ýaryş torlaryny döretdiler. Neşiriň okyjylary her tapgyrda, pikir soraşmanyň netijelerine görä, öňe geçen bir oýunçyny saýladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.