Holand möwsümdäki gollarynyň sany boýunça Angliýanyň çempionatynyň rekordyny goýdy

04.05.2023, 15:1713,443

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand bir möwsümiň dowamynda geçiren gollarynyň sany boýunça Angliýanyň çempionatynyň rekord eýesi boldy.

Ol Angliýanyň premýer-ligasynyň "West Heme" garşy oýnunda tapawutlandy ("Mançester Siti" 3:0 hasabynda utdy), onuň goly häzirki möwsümde 35-nji boldy. Bu bolsa ýaryşyň täze rekordydyr. Şol bir wagtyň özünde ol 31 oýna gatnaşdy.
Öňki rekord 1993/94 we 1994/95 möwsümlerinde 34 goldan salan Endi Koula we Alan Şirere degişlidi.
22 ýaşly Holand "Mançester Sitide" birinji möwsümini geçirýär, ol bu kluba 2022-nji ýylyň tomsunda Dortmundyň "Borussiýasyndan" geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.