Linda Ýakkarino Twitteriň täze baş müdiri boldy

13.05.2023, 11:1014,363

NBCUniversal amerikan mediakorporasiýasynyň satuw boýunça öňki müdiri Linda Ýakkarino Twitter kompaniýasynyň baş müdiri wezipesini eýeledi. Bu barada Ilon Mask sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Men Linda Ýakkarinony Twitteriň täze baş müdiri hökmünde garşylamaga şat” – diýip, Maskyň habarynda aýdylýar.

Kompaniýanyň eýesi ilkinji tapgyrlarda Ýakkarinonyň biznes amallaryna üns berjekdigini belledi, Maskyň özi bolsa “önümiň dizaýnyna we täze tehnologiýalara ünsi jemlär”.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.