Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

15.05.2023, 10:459,768

Şu gün, 15-nji maýda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Täjigistanyň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar ýokary derejedäki sebit çärelerine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar.
Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň mejlisiniň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşdylar.

Rahmon bilen Berdimuhamedow şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki meselelerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet saparynyň netijelerini maslahatlaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.