KazanForum sammitinde Türkmenistanyň wekiliýetine Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylyk eder

18.05.2023, 09:1023,321

Kazanda 18-19-njy maýda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynda Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylyk eder. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullyk gullugy habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň Kazana saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň resmi adamlary bilen birnäçe duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. KazanForum-yň çäklerinde guraljak sergide Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň diwarlygy guralar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.