Messi, Neýmar we Mbappe 2023/24 möwsüm üçin «PSŽ-niň» täze formasyny tanyşdyrdylar

01.06.2023, 14:1417,468
1 / 2

Fransuz «PSŽ-sy» 2023/2024 möwsüm üçin täze futbol eşik toplumyny resmi web sahypasynda hödürledi.

Tanyşdyryşa gatnaşan oýunçylaryň arasynda hüjümçiler Lionel Messi, Kilian Mbappe we Neýmar bar.

“Bu eşik 2000-nji ýyllaryň başynda parižli futbolçylaryň geýen eşiklerini täzeden düşündirýär we özüne çekiji dizaýny bilen «Pari Sen-Žermeniň» düýp manysyny şöhlelendirýär. Klubuň nyşanlary bolan gyzyl we ak zolaklar kem-kemden Pariž gözýetimindäki yşyk ýaly dinamiki gök reňkde birleşýär.

Şeýle hem üç reňkli baýdak tapawutlanyp görünýär. Bu fransuz aýratynlyklaryny paýtagtyň çäginden uzaklara ýaýradýan we bütin dünýäde joşgunly şöhle saçýan, Fransiýanyň iň üstünlikli kluby bolan “Pari Sen-Žermene” bolan  buýsanjy nygtap görkezýär " – diýip, klubuň beýanatynda ýazylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.