Özbegistan 2024-nji ýylda futzal boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

24.06.2023, 11:277,739

Özbegistan 2024-nji ýylda ilkinji gezek futzal boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Bu barada Özbegistanyň futbol assosiasiýasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Degişli karar Halkara futbol federasiýasynyň müdirýetiniň mejlisinde kabul edildi. Ýaryş Daşkentde geçer.
Belläp geçsek, futzal boýunça häzirki dünýä çempiony Portugaliýadyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.