Hawerts «Çelsiden» «Arsenala» geçdi

29.06.2023, 22:378,851

Nemes ýarym goragçysy Kaý Hawerts «Arsenal» iňlis kluby bilen şertnama gol çekişdi. Bu barada çarşenbe güni klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, futbolçy bilen şertnama 2027/28 möwsümiň ahyryna çenli niýetlenilip, onuň transferi 75 mln ýewro barabardyr.
Hawerts 24 ýaşynda, 2020-nji ýyldan bäri iňlisleriň «Çelsisinde» çykyş edip gelýärdi. Onuň düzüminde Hawerts 2021-nji ýylda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Şol duşuşykda ol «Mançester Sitiniň» derwezesine ýeňiş golunyň awtory boldy (1:0). Ondan öň Hawerts «Baýerde» çykyş edýärdi.
Geçen möwsümde Hawerts «Çelside» ähli ýaryşlarda 47 duşuşyga gatnaşyp, 9 gol geçirdi we 1 sany netijeli pas berdi. Germaniýanyň düzüminde ol 37 oýna gatnaşyp, 13 gol we 12 gezek netijeli pas berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.