Luis Enrike «PSŽ-den» gitmek hakynda pikirlenýär

05.08.2023, 17:1711,553

«Pari Sen-Žermen» toparynyň baş tälimçisi Luis Enrike topardan gitmek hakynda pikirlenýär diýip, lenta.ru «Marca» neşirine salgylanyp habar berýär.

Çeşmede bellenilmegine görä, hünärmeniň topardan gitmek islemeginiň esasy sebäbi hüjümçi Killian Mbappeniň ýagdaýy bilen baglanyşykly kesgitsizlik. Hünärmeniň çözgüdiniň kömekçisi Rafael Polyň we sport direktory Luis Kamposyň topardan gitmek mümkinçiligini döredip biljekdigi bellenilýär.
Enrike «PSŽ-niň» baş tälimçisi wezipesine 5-nji iýulda bellenildi. Ol fransuz hünärmen Kristof Galtýeniň ornuna geçipdi. Onuň topar bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli niýetlenendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.