Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen duşuşdy

12.09.2023, 00:0010,227

11-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.

Döwletara gatnaşyklarynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan ýokary derejesiniň hem-de ikitaraplaýyn pugta syýasy erkiň netijeli syýasaty ösdürmekde örän ähmiýetli bolup durýandygy nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz bilen Newa derýasynyň boýundaky şäheriň arasynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Sankt-Peterburgyň kompaniýalary tarapyndan Aşgabatda  birnäçe düzümleýin taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Öz tarapyndan Türkmenistan  senagat, gurluşyk serişdelerini öndürmek we şähergurluşygy babatda Sankt-Peterburgyň toplan baý tejribesini öwrenmäge hem-de ulanmaga gyzyklanma bildirýär.
Aleksandr Beglow duşuşmaga döredilen mümkinçilik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Newa boýundaky şäheriň soňky ýyllarda hil taýdan täze depgine eýe bolan Türkmenistan  bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.