Duşenbe güni Aşgabatda +33 gradus bolar, emma soň +20 gradusdan aşak düşer

08.10.2023, 13:5028,643

9-njy oktýabrda Aşgabatda +33 gradus maýyl bolmagyna garaşylýar. Bu aýyň başyndan bäri iň ýokary temperatura bolar. Şol bir wagtyň özünde, günüň dowamynda howanyň ortaça temperaturasy +25 gradus bolar diýip, ORIENT habar berýär.

Eýýäm sişenbe güni howanyň temperaturasy +27 gradusa, çarşenbe güni bolsa +25 gradusa çenli düşer.
Penşenbe güni az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy +19 gradusa düşer.
Anna we şenbe günleri açyk howa bolar, howanyň temperaturasy +22 — +24 gradus aralygynda bolar. Ýekşenbe güni bulutly howa bolaup, +26 gradus bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.