2025-nji ýylda GDA-da Täjigistan başlyklyk eder

15.10.2023, 14:432,806
1 / 2

2025-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmeklik Täjigistana geçiriler.

Trend agentliginiň habar bermegine görä, bu barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew anna güni Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça çykyşynda mälim etdi.

"Geljekde başlyk etmegi Täjigistana geçirmek meýilleşdirilýär. Geljek ýylda Täjigistanda guramada wise-başlyklyk we 2025-nji ýylda başlyklyk etmegi barada karar kabul edildi" diýip ol belledi.

Lebedew şeýle hem 16-17-nji noýabrda Bişkekde GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň mejlisiniň, 8-nji dekabrda bolsa GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.