GDA hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi we tematik ýyllary yglan etdi

Şu gün, 18:401,201

GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary Awazada geçirilen sammitde Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki Beýannamany kabul etdi we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

THP-niň belleýşi ýaly, özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda erkin söwdany ösdürmek, senagat kooperasiýasy, bilelikdäki önümleri üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykarmak, ulag baglanyşygy, durmuş syýasaty, howplara garşy bilelikde göreşmek, şeýle hem innowasiýalary, şol sanda emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bar.

Ynsanperwer we hukuk ulgamlarynda ýurtlar saglygy goraýşy we zähmeti goramagy ösdürmegi, raýatlaryň, şol sanda zähmet migrantlarynyň hukuklaryny goramagy, milli kanunçylyklary ýakynlaşdyrmagy we umumy taryhy-medeni mirasy saklamagy maksat edinýär.

Howpsuzlyk ulgamynda gatnaşyjylar terrorçylyga, kiberjenaýatçylyga, korrupsiýa, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we bikanun migrasiýa garşy göreşde güýçleri utgaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.

Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi GDA-da tematik ýyllary yglan etdi:

  • 2028-nji ýyl durmuş ösüşini we ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmaga bagyşlanar;
  • 2029-njy ýyl Arkalaşygyň ýurtlarynyň ulag baglanyşygyna bagyşlanar.

2028-nji ýylyň tematikasy baradaky başlangyç GDA-nyň degişli konsultatiw geňeşiniň goldamagynda Gyrgyzystanyň Zähmet, ilaty durmuş taýdan üpjün etmek we migrasiýa ministrligine degişlidir. Ýylyň dowamynda ýurtlar durmuş-zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmegi, synag taslamalaryny işe girizmegi, ilaty goldamagyň tejribelerini alyşmagy we demografiýa hem-de durmuş-ykdysady syýasat meseleleri boýunça halkara forumlary geçirmegi meýilleşdirýär.

Ulag baglanyşygy ýylyny yglan etmek baradaky teklibi Türkmenistan öňe sürdi. Maksatnama infrastrukturany döwrebaplaşdyrmagy, ulagyň dürli görnüşlerini utgaşdyrmagy, logistikany sanlylaşdyrmagy we gatnawlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin durnukly ulag geçelgelerine we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berler. Bu wezipeler BMG tarapyndan 2026–2035-nji ýyllar üçin yglan edilen Durnukly ulag onýyllygy bilen sazlaşýar.