Transfermarkt milli toparlaryň arasynda iň gymmat 10 düzümi saýlady

18.11.2023, 22:2216,270

Transfermarkt internet portaly Telegram kanalynda milli toparlaryň arasynda iň gymmat düzümleriň reýtingini ýerleşdirdi. Ilkinji onlukda birinji orny Angliýanyň milli ýygyndysy eýeledi – onuň düzüminiň bahasy 1,29 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar diýip, championat.com belleýär.

Ikinji orny Fransiýanyň milli topary eýeledi – onuň düzümi 1,14 mlrd ýewro barabar. Liderleriň üçlügini Braziliýanyň milli topary jemledi – onuň düzüminiň bahasy 1,04 mlrd ýewro.
Milli toparlaryň arasynda iň gymmat düzümleriň ilkinji onlugy:

  1. Angliýanyň milli ýygyndysy (1,29 mlrd ýewro);
  2. Fransiýanyň milli ýygyndysy (1,14 mlrd ýewro);
  3. Braziliýanyň milli ýygyndysy (1,04 mlrd ýewro);
  4. Portugaliýanyň milli ýygyndysy (932 mln ýewro);
  5. Ispaniýanyň milli ýygyndysy (814 mln ýewro);
  6. Argentinanyň milli ýygyndysy (789 mln ýewro);
  7. Germaniýanyň milli ýygyndysy (700 mln ýewro);
  8. Italiýanyň milli ýygyndysy (611 mln ýewro);
  9. Niderlandlaryň milli ýygyndysy (575 mln ýewro);
  10. Belgiýanyň milli ýygyndysy (494 mln ýewro).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.