HHR-iň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Türkmenistanda saparda bolar

27.11.2023, 14:284,362

HHR-iň prezidenti Si Szinpiniň ýörite wekili, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet geňeşiniň birinji wise-premýeri Din Sýuesýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk komitetiniň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin noýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada HHR-iň DIM-niň resmi wekili Mao Nin habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, HHR-iň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri 26 – 30-njy noýabr aralygynda gazak-hytaý hyzmatdaşlyk komitetiniň 11-nji mejlisine we türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk komitetiniň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystanda we Türkmenistanda saparda bolar.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk komitetiniň 5-nji mejlisi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda wideo maslahat görnüşinde geçirildi. Onuň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda 5 ýyl üçin (2021-2025 ý.) Türkmenistanyň we HHR-iň hökümetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada maksatnama gol çekildi.
Şu ýylyň 18-nji oktýabrynda Pekinde “Bir guşaklyk, bir ýol” atly ýokary derejeli III forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan bilen duşuşdy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.