Sony şekiliň hakykylygyny kepillendirýän kamera tehnologiýasyny hödürledi

29.11.2023, 13:285,395

Sony kompaniýasy ýasama şekillere garşy göreşmek we AI (emeli aň) ulanyp, şekil ýasama hileleriniň öňüni almak üçin döredilen kameralardaky tanamak tehnologiýasynyň synagynyň ikinji tapgyrynyň üstünlikli tamamlanandygyny habar berdi. Ýönekeý sözler bilen aýdylanda, tehnologiýa kameranyň enjam çipinde ýazylan sanly gol bolup, suratyň alnan pursadyndan başlap onuň hakykylygyny kepillendirýär. Bu ýagdaýda mazmun redaktirlenende we soňra paýlananda sanly gol saklanýar.

Hakykylygyny tassyklaýyş aýratynlygy goşulan programma üpjünçiliginiň täzelenmesini alan ilkinji kameralar Sony Alpha 9 III, Alpha 1 we Alpha 7S III bolar. Täzelenme 2024-nji ýylyň ýazynda goýberilmeli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.