Türkmenistanyň DIM-inde Maglumat işleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi

23.12.2023, 09:084,981

22-nji dekabrda Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasy edaralarynyň degişli düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maglumat pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda diplomatlar Türkmenistanyň we Russiýanyň metbugat gulluklarynyň işini ikitaraplaýyn görnüşde we sebit gurluşlarynyň we halkara platformalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar daşary syýasaty goldaýan ösen metbugat gurallaryny ulanmagyň çäklerinde sanly diplomatiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy neşirleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge üns berildi.
Degişli departamentleriň arasyndaky gatnaşyklary we alyş-çalyşlary mundan beýläk has-da giňeltmekde özara gyzyklanma beýan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.