Türkmenistan we Saud Arabystany 2024-nji ýylda haj zyýaraty bilen bagly Ylalaşyga gol çekdi

10.01.2024, 18:0439,193
1 / 2

8-11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahatyna we sergisine gatnaşýar.

Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, häzirki wagtda “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahaty we sergisi öz işini dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.