“Inter Maýami” Suaresiň karýerasynda iň soňky klub bolar

17.02.2024, 18:5811,559

Urugwaýly hüjümçi Luis Suares Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) “Inter Maýami” klubunyň öz karýerasynda iň soňky klub boljakdygyny aýtdy. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

 “Inter Maýami” meniň iň soňky klubum bolar, maşgalamyň eýýäm habary bar. Meniň karýeramy tamamlajak wagtymyň anyk senesi ýok, ýöne bu soňky ädim. Ýadawlyk gutulgysyz. Ahyrynda, men geljekde kadaly durmuş derejesini gazanmak isleýärin” – diýip, ESPN Suaresiň sözlerini getirýär.

2023-nji ýylyň ahyrynda Suares Braziliýanyň “Gremio” toparyndan geçip, “Inter Maýami” bilen birýyllyk şertnama baglaşdy. Ol MLS klubunda Ispaniýanyň “Barselonasyndaky” ýoldaşlary Lionel Messi, Serhio Buskets we Žordi Alba bilen birleşdi.
Öň, Suares Urugwaýyň “Nasonal”, Niderlandlaryň “Groningen” we “Aýaks”, Angliýanyň “Liwerpul”, Ispaniýanyň “Atletiko” we “Barselona” toparlarynda çykyş etdi. Ol 68 gol bilen Urugwaýyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçydyr, milli toparyň düzüminde 2011-nji ýylda Amerikanyň Kubogyny gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.