«Arkadag» FK Gyrgyzystanyň çempionyndan üstün çykdy

26.02.2024, 13:4017,282

"Arkadag" futbol kluby BAE-de dowam edýän okuw türgenleşikleriniň barşynda ýoldaşlyk duşuşygynda Gyrgyzystanyň çempiony "Abdyş-Atadan" 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Täze möwsüme taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň häzirki çempiony 6 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Türkiýede geçen birinji türgenleşik ýygymynyň çäklerinde "Arkadag" FK Demirgazyk Makedoniýanyň "Wardaryny" ýeňdi (1:0), emma "Şahtýor" (1:4) we "Dnepr-1" (0:1) ukrain klublaryndan ýeňildi.
Abu-Dabide ikinji türgenleşik ýygymynyň çäklerinde "Pari NN" klubuny ýeňdi (2:1) we Russiýanyň çempiony "Zenit" bilen deňme-deň oýnady (1:1).
Türkmenistanda futbol boýunça çempionatyň täze möwsümi 4-nji martda badalga alar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.