Emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji multserial Hytaýda görkezilip başlandy

02.03.2024, 14:195,209

China Media Group döwlet telekompaniýasy ýurtda doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen ilkinji animasion serialy ýaýlyma berip başlady.

“Müňýyllygyň goşgulary” atly ýigrimi alty bölümlik multserial mekdep maksatnamasyndan 200 goşga esaslanýan nusgawy hytaý poeziýasynyň dünýäsine gyzykly syýahatdyr. Her bölüm ýedi minut töweregi dowam edýär.
Generatiw emeli aň bu goşgulary diňe bir janlandyrman, olary milli aýratynlyklar bilen özüne çekiji animasiýa öwrüpdir diýip, naked-science.ru habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.