Ilon Mask YouTube bilen gidişýär. X sosial ulgamy akylly telewizorlar üçin wideo hyzmatynyň analogyny çykarýar

10.03.2024, 22:436,725

Ilon Maskyň eýeçiligindäki X sosial ulgamy YouTube-a gönüden-göni bäsdeş boljak akylly telewizorlar üçin wideo programmasyny hödürlemäge taýýarlanýar.

Fortune-nyň berýän habaryna görä, X-iň programmasynda YouTube-yň telewizion programmasyna meňzeş interfeýs bolar we häzirlikçe diňe Amazon we Samsung enjamlarynda elýeterli bolar.
Wideo programmasyny işe girizmek bilen, X  YouTube-yň we Twitch-iň agdyklyk edýän wideo mazmun bazaryna girer.
Ilon Maskyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda 44 milliard dollara Twitteri (häzirki X) satyn alandygyny ýatladýarys.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.