Dünýä çempionaty - 2026: Türkmenistan bilen Eýran duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy

20.03.2024, 14:2919,046

26-njy martda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň ýygyndysyny kabul eder. Duşuşygyň petekleri eýýäm satuwa çykaryldy.  

«Е» toparçanyň çägindäki duşuşyk paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriler. Oýun 20:00-da başlanýar.
Petegiň bahasy — 30 manat. Petekleri «Aşgabat» köpugurly stadionynyň kassasyndan satyn alyp bolýar! Kassalaryň iş tertibi — 09:00-dan 21:00-a çenli (dynç günsüz).

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 (12) 95-50-37.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.